Türkmenistan we Gyrgyzystan energiýa, senagat, agrosenagat hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gyrgyzystan energiýa, senagat, agrosenagat hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Şeýle hem söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze mümkin ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň we Türkmenistan Energetika ministriniň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda taraplar ýangyç-energetika, elektrik energiýa, senagat we agrosenagat pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşyklar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Aşyrguly Begliýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministri, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Hajymuhammet Rejepmyradow bilen geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar gyrgyz-türkmen ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişi we taraplaryň garamagyndaky ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamasyny öňe sürmek meselesini maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze mümkin ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň ilçisi duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň işini güýçlendirmegiň, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri iki ýurduň ygtyýarly ministrlikleriniň we bölümleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

2022