Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly Aşgabatda sadaka berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly Aşgabatda sadaka berildi
Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna berilýän sadaka we oňa çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýede köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde sadaka berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu waka bilen baglylykda ýörite Aşgabada gelen Türkiýäniň din wekillerini mübärekledi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de şu günki sadaka we oňa çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem weýrançylykly ýertitremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

“Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň jaýy jennet bolsun! Allatagala olara iman baýlygyny bersin!” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şol agyr günlerde Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekilleri bilen gynanjyny paýlaşdy we duýgudaşlyk bildirdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022