Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň barşynda işewür Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
“Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa binagärlik taslamalarynyň hem-de şäher bezeginiň nusgalarynyň tutuş toplumyny işläp taýýarlamaga, olary durmuşa geçirmäge ukyplylygyny görkezdi we ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara, tutuşlygyna türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda bu kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy hem-de holdingiň Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak iş alyp barýandygy aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Marten Buig kompaniýa bildirilen uly ynam üçin Döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we kompaniýa ynanylan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.