Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katara boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, göz öňünde tutulýan resmi sapara taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Mejlisiň dowamynda soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisiniň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem onda bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň dowamynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy mälim edildi.
Şeýle hem şu saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasyny açmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikleriň däp bolan türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi bermelidigini aýtdy we onuň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan resmi sapara ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýleki käbir meselelere-de garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.