Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Habarlaşmak üçin salgylary we telefonlary:

  • Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56
  • Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68
  • Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67
  • Büz me ýin etrabynyň Oguz han köçesi niň 8-nji jaýy, tel: 35-12-69
  • Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy. tel: 22-74-07.

Bulary hem okaň
2022