Daşary ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna: Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzaldylmagy barada düşündiriş

Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediada) daşary ýurtlaryň çäklerinde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň (zagran pasport) möhletlerini uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna üns berilýär.

Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Tertibi» hakynda Buýrugy esasynda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (zagran pasport) COVID-19 bilen baglylykda uzaldylan hereket ediş möhletiniň diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygy gaýtadan ýatladylýar.

Şeýle hem, ýokarda agzalanlardan ugur alyp, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (zagran pasport) hereket ediş möhletiniň 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýan ýagdaýynda, raýatlara biometrik pasportlaryny Türkmenistanda täzelemekleriniň zerurdygy mälim edilýär.

Şol bir babatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň, Içeri işler ministriniň we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany resmileşdirmegiň tertibi» hakynda çykaran bilelikdäki buýrugyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlary (zagran pasport) ýitirilen, ogurlanan, möhleti geçen ýa-da ulanyşa ýaramly bolmadyk halatynda (çip döwülen) şeýle-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryndan dünýä inen çagalara diňe öz döwletine dolanyp barmak maksady bilen «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň» resmileşdirilýändigi habar berilýär.

Bulary hem okaň
2022