Belarusyň resmi wekili saglyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady

BT
Belarusyň resmi wekili saglyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Belarusyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, Baş döwlet sanitariýa lukmany Natalýa Žukowa

Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça XXIX mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşan Belarusyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, Baş döwlet sanitariýa lukmany Natalýa Žukowa “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ugurlary barada belläp geçip, Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşde gazanan netijelerine haýranlyk bilen seredýändiklerini aýtdy.

– Mejlisiň gün tertibine giren Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň lukmançylyk we sanitariýa-epidemiologik taýdan üpjün edilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp berseňiz?!

– Raýat awiasiýasynda diňe bir uçuşlaryň howpsuzlygy däl, eýsem, epidemiologik keselleriň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler hem ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň islendik ýerine syýahat edilýär. Syýahat edilýän döwürde ýolagçylaryň jemgyýetçilik taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak biziň wezipämiz bolup durýar. Türkmenistan bilen bir hatarda Belarus hem şeýle meseleler bilen ýüzbe ýüz bolýar. Sebäbi Belarus hem Türkmenistan ýaly ösüp barýar, diňe öňe seredýär we dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Raýat awiýasiýasynda ýüze çykjak dürli saglygy goraýyş meselelerinde, şeýle hem öňüni alyş çärelerini geçirmekde hyzmatdaşlyk mehanizmasyny ýola goýmak ähmiýetli bolup durýar. Geçen asyryň ikinji ýarym ýylynda ýok edildi diýlip hasap edilýän ýokanç kesellere häzirki döwürde hem gabat gelýäris. Şonuň üçin ýurtlaryň arasynda özara maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak, tejribeleri paýlaşmak örän ähmiýetli.

"Temmäkiniň garşysyna göreşmek babatynda Türkmenistanyň gazanan netijelerine haýranlyk bilen seredýäris."

– Ýokanç keselleriň öňüni almakda sebitde nähili hyzmatdaşlyk saklaýarsyňyz?

– Ýaýramagynyň çägi bolmaýan bu keseller dünýäniň islendik ýurdunyň ykdysadyýetine täsir ýetirip bilýär. Şol sebäpden hem, ýokanç keselleri ýeňip geçmek üçin dürli görnüşli maksatnamalarymyz bar. Bu ugurda köp işleýäris. Her ýurt öz ýeten sepgitlerini, gazanan tejribelerini paýlaşyp durýar. Meniň pikirimçe, ýokanç keselleriň garşysyna tapgyrlaýyn hereket edilmegi ýagdaýyň gowulaşmagyna getirýär.

– Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşde gazanan netijesine nähili garaýarsyňyz?

– Temmäkiniň garşysyna göreşmek babatynda Türkmenistanyň gazanan netijelerine haýranlyk bilen seredýäris. Türkmenistanyň bu ugurdaky tutanýerliligi öz netijesini hem berdi. Bize bolsa tejribeleri paýlaşmak, has dogrusy tejribäni nusga hökmünde almak we siziň ýurduňyzda netije beren amallary ýerine ýetirmek galýar. Türkmenistanyň gazanan netijesi durmuşa täze girişip başlan nesliň saglygyny goramakda uly maýa goýum bolup durýar.

Bulary hem okaň
2022