25.09.2019
08.11.2019

Gurluşyk we binagärlik ministrligi maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 2019-njy ýylyň 21-nji maýynda usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi üçin gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maslahat beriji kompaniýany saýlap almak barada yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň 8-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 84
Bulary hem okaň