Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
TDHÇMB
27.08.2020
08.10.2020
“Türkmengaz” laboratoriýa barlag işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär
“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ölçeg enjamlaryna laboratoriýa şertlerinde barlag işlerini geçirmek hyzmatyny bermek üçin potratçylary saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edarasyna ýüz tutup bilerler.
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär)
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- GBS-i hasaba almak bilen 1725 amerikan dollary möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-31-22, faks (+99312) 40-32-59.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň