17.03.2021
18.03.2021

Türkmen telekeçileriniň gazananlarynyň sergisi

17-18-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda we senagat palatasynyň sergiler zalynda türkmen telekeçileriniň gazananlarynyň sergisi geçiriler.

Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 13 ýyllyk şanyna gurnalýar. 180-den gowrak ýurdumyzyň telekeçileri - TSTB agzalary öňümizdäki sergä gatnaşjakdyklaryny habar berdiler. Bularyň hemmesi oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän pudaklar, gurluşyk materiallary we gurluşyk, söwda, bilim, maglumat tehnologiýasy, syýahatçylyk, ulag we logistika we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky täzelikleri we innowasion ösüşleri hödürlemäge taýýarlanýar. Bu sergide eksport üçin niýetlenen önümleriň we importyň ornuny tutýan önümlere köp üns bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, serginiň çäginde türkmen moda dizaýnerleriniň “Bahar - tomus 2021” atly täze egin-eşik kolleksiýalary görkeziler.

Türkmenistan, Aşgabat, Çandybil şaýoly 143
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022