28.04.2021
27.05.2021

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça

bäsleşik yglan edýär

Lot № 21 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Mary saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 22 — Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji hem-de 3-nji saglyk öýleri üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 20
Bulary hem okaň
2022