19.06.2021
06.07.2021

“Türkmenhowaýollary” agentligi halkara howa menziliniň toplumyny dolulygyna gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 adamy gatnatmaga ukyply halkara howa menzil toplumynyň taslamasyny düzmek we dolulugyna gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýäniň ýazmaça arzasy, doly ady, iş tejribesi, hukuk ýagdaýlary we bank rekwizitleri, arza berijiniň hasaba alyş we kanuny resminamalary, ynanç haty we pasport göçürmesi, telefon belgileri barada maglumatlary görkezmeli.
  • Bäsleşige gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollar möçberde(goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenhowaýollary” agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Tehniki talaplary “Türkmenhowaýollary” agentliginde № 417, 437 otaglarynda almaly.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar ýerli wagt bilen 16:00-dan 18:00 çenli “Türkmenhowaýollary” agentliginde № 417, 437 otaglarynda kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 15 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Telefon belgiler:

44-31-43, 44-30-38

44-30-73, 44-31-91

Türkmenistan, Aşgabat ş. k.A.Niýazow 326
Bulary hem okaň