13.09.2021
17.09.2021

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi ýyladyşhana toplumyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde 22,13 gektar ýeriň 9 gektarynda gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap-seçip almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige degişli işleri amala aşyrmaga ygtyýarnamasy (Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa) bolan we Türkmenistanda bellige alnan döwlet eýeçiligine degişli däl kärhanalar, guramalar we telekeçiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty görkezilen salgyda ýerleşýän Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ýanyndaky bäsleşik toparyndan alyp bilersiňiz.

Töleg hasaplaşygy işler we hyzmatlar ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 65 13-03-24

Faks:

36-84-35

Türkmenistan, Aşgabat ş.,Aba Annaýew 51
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022