03.08.2022
06.09.2022

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak üçin aşakdaky lotlar boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän meýdanyň 200 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak

Lot №2 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Altyn asyr” daýhan birleşiginiň çäginde (Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň gündogarynda, 45 kilometrliginde) ýerleşýän meýdanyň 215,50 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan iş günleri sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler çap edilen gününden soň, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+993 12 44-02-94

+993 12 44-02-96

Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022