12.09.2022
16.09.2022

Drinktec 2022

Drinktec 2022 – bu içgi we suwuk azyk senagatynyň halkara söwda ýarmarkasydyr. Ýarmarka 2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçiriler.

Drinktec – ýarmarkasynyň beýleki sergilere görä artykmaçlyklary?

  • Dünýädäki içgi ugrundan üpjün edijileriň hemmesi diýen ýaly bar.Olar içgi we suwuk iýmit senagat önümleriniň baha zynjyrynyň emele gelşi bilen giňişleýin tanyşdyrarlar.
  • Sergide içgileriň önümçilik prosesi, düzümi, guýluşy, gaplanylyşy we logistika boýunça çözgütler bilen tanyşdyrylar.
  • 2022-nji ýylda ýarmarkanyň çäginde ýaglar sergisi hem geçiriler. Ösümlik we haýwan ýaglaryny öndürmek, gaýtadan işlemek üçin enjamlar, komponentler we kömekçi serişdeler barada has giňişleýin maglumat bilen tanyşdyrylar.

Drinktec 2022-iň esasy bölümleri:

  • Önümçilik üçin tehnologiýalar we enjamlar
  • Içgileri guýmak we gaplamak üçin enjamlar
  • Önümçiligi, dizaýny, dolandyryşy awtomatlaşdyrmak boýunça IT çözgütler
  • PETpoint (içgiler we suwuk iýmitler üçin PET tehnologiýalary)
  • Konteýnerler, gaplaýyş materiallary we enjamlar
  • Çig mal, ingredientler we goşundylar
  • Içgi pudagynyň marketingi, restoran we naharhana enjamlary
  • Ýaglar

Guramaçy: Messe München GmbH

Web sahypasy: www.drinktec.com

Germaniýa, Mýunhen
Bulary hem okaň
2022