07.04.2023
07.05.2023

Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrap prokuraturasynyň binasyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 222) 2-00-25

(+993 222) 2-00-55

Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022