12.07.2023
18.09.2023

Türkmenistanyň Energetika ministrligi ätiýaçlyk şaýlary we materiallary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik beketler we energiýa ulgamy üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlary we materiallary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Bölünýän Lot №1 - Elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary we materiallary satyn almak

Bölünýän Lot №2 - Energiýa ulgamy üçin ýokary we pes woltly elektrik enjamlaryny hem-de materiallary satyn almak

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrliginden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly;
  • 500 amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Basleşik teklipleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 37-94-31

+993 12 37-94-33

Türkmenistan, Aşgabat ş. k.2022, 55
Bulary hem okaň
2022