25.10.2023
27.10.2023

OGT 2023

2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly XXVIII halkara maslahat we sergi geçiriler. Çäre “Türkmengaz” we“Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde geçirilýär.

Konferensiýa bilen bir wagtda geçiriljek OGT Expo sergisinde täze ideýalar we funksiýalar bilen üsti ýetirilen içerki we global nebit-gaz pudagynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşdyrylar.

Konferensiýa adaty we onlaýn görnüşinde Zoom platformasy arkaly geçiriler. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklar şahsy we onlaýn görnüşde bolar.

Çärä Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we döwlet guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalary, şeýle hem iri halkara maliýe guramalary gatnaşar.

Web sahypasy: expo.ogt-turkmenistan.com

Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022