25.11.2023
18.12.2023

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara tender yglan edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlar harytlar bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň portal kranlary üçin ätiýaçlyk şaýlar

Lot №2 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýük ýükleýji tehnikasy üçin ätiýaçlyk şaýlar

Lot №3 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýük göteriji tehnikasy üçin ätiýaçlyk şaýlar

Lot №4 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň enjamlary üçin serişdeler we ätiýaçlyk şaýlar

Lot №5 - Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň awtoulag hojalygynyň tehniki gullugy üçin enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny, rekwizitlerini, gatnaşyjynyň kompaniýasy barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň soňky 3 ýylda (üç) ýylda maliýe ýagdaýy barada, kompaniýanyň iş tejribesi we işgärleri barada görkezmek bilen ýazmaça arza bermeli;
  • 500 (bäş ýüz)  ABŞ dollary möçberde (şol sanda GBüS harajatlary) tölegi tölemeli we tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 18-nji dekabryna ýerli wagt bilen 16.00 kabul edilýär.

Bäsleşige degişli resminamalar, bukjanyň ýokarky burçunda taslamanyň ady ýazylan ýapyk bukjada bolmaly we aşakdaky salga iberilmeli.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi  arza berijiniň bäsleşige gatnaşmak üçin taýýarlan resminamalaryna çykaran çykdajylary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(+993243) 6-07-42

(+993243) 4-95-51

Faks:

(+993243) 6-07-46

(+993243) 6-07-44

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji “А” jaýy
Bulary hem okaň
2022