Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
TDHÇMB
05.12.2023
08.01.2024
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi himiki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:
Lot №1 – Däneli ekinlerdäki haşal otlara garşy gerbisidler; şaly meýdanlaryndaky haşal otlara garşy gerbisidler
Lot №2 – Pagta tohumlaryny arassalamak üçin serişdeler toplumy hem-de tohumlary zyýansyzlandyryjy serişdeler
Basleşige gatnaşmak üçin:
- gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
- “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
- her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.
Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 44-77-47
+993 12 44-74-64
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň