25.01.2024
28.02.2024

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi himiki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:

Lot №1 – Bugdaý tohumlaryny arassalamak üçin serişdeler toplumy hem-de däneli ammarlary zyýansyzlandyrmak üçin serişdeler

Lot №2 – Pagta zyýankeşlerine (mör-möjeklere) garşy insektisidler we feromon duzaklar: pagta defolianty, pagta gozalarynyň ösüşini tizlendiriji we ösüşini sazlaýjy serişdeler, karantin zyýankeşleri üçin fumigant.

Lot №4 – Köpýyllyk haşal otlara (gamyş) garşy gerbisidler;

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-77-47

+993 12 44-74-64

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022