31.05.2025
15.07.2025

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi gidrometeorologiýa merkezlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tender toparynyň adyndan Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 4 sany gidrometeorologiýa merkeziniň hem-de ýurdumyzyň çäginde jemi 52 sany gidrometeorologiýa beketlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №1 – Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 4 sany gidrometeorologiýa merkeziniň gurluşygy.

Lot №2 – Türkmenistanyň çäginde 52 sany gidrometeorologiýa stansiýasynyň gurluşygy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygy baradaky maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi üçin taslamalary düzmek we gurluşyk işlerini geçirmek boýunça potratçylary saýlap almak boýunça halkara tenderiň geçirilmeginiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • her lot boýunça töleg geçirip, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly;
  • lotlaryň spesifikasiýasyny hem-de tehniki talaplaryny almaly.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.

Halkara tender tekliplerini tabşyrmak üçin iň soňky möhlet — bu bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap 2025-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli.

Basleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-80-60

+993 12 44-80-04

+993 12 44-80-06

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 92
Bulary hem okaň
2022