22.04.2026
08.06.2026

Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat—Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi aşakdaky lotlar boýunça awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №6 — Aşgabat—Daşoguz awtomobil ýolunyň birinji böleginiň (0 — 155 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.

Lot №6A — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ikinji böleginiň (155 — 285 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.

Lot №6B — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň üçünji böleginiň (285 — 415 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.

Lot №6Ç — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň dördünji böleginiň (415 — 546 km) durkuny täzelemek we täzesini gurmak.

Lot №6D — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyny alyp barmak.

Lot №6E — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda bar bolan (9 sany) awtomobil köprüsini abatlamak.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan dalaşgärlerden arzalar kabul edilmeýär);
  • bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Kanuny, bäsleşikleri geçirmegiň tertibi we resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
  • tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly;
  • her lot boýunça ABŞ-nyň 1500 (bir müň bäş ýüz) dollaryny ýa-da onuň manatdaky ekwiwalentini (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap almaly.

Bäsleşik teklipleri şu bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Töleg serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berler. Ýapyk görnüşli bukjanyň içinde möhür bilen tassyklanan teklipler bildirişiň çap edilen gününden başlap, degişli salga getirilmeli. Olara pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Bäsleşik bukjasynda arzanyň electron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (Word formatynda), tehniki-ykdysady ýöriteleşmesini (Excel formatynda) hem tabşyrmaly.

Telefon belgileri:

+993 12 92-08-64

+993 12 92-06-06

Elektron salgysy:

wes.awtoyolagency@gmail.com

Aşgabat şäheriniň Azady (2011) köçesiniň 95-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022