Duşenbede Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi

Duşenbede Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy, 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabry, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Foruma Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany forumyň dowamynda birnäçe teklipler bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegi, şeýle hem Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany forumyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň netijesi boýunça Bilelikdäki Beýannama we birnäçe Ylalaşyklara gol çekildi.

Suratlar: Täjigistanyň, Gazagystanyň Prezidentleriniň metbugat gulluklary

2022