Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gazak Liderini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Taraplar Kasym-Žomart Tokaýewiň şu gezekki saparynyň we geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň iki ýurduň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň bu sapary 11-nji oktýabrda Aşgabatda şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmagyna gabat geldi.
Surat: akorda.kz