Gadymyýetiň hazynasy: Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky täsin arheologik açyşlary

Gadymyýetiň hazynasy: Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky täsin arheologik açyşlary
Gadymy Efes şäheri, Izmir sebiti, Türkiýe

Türkiýe özüniň haýran galdyryjy açyşlary bilen dünýäniň arehologik alymlarynyň ünsüni çekmegi dowam edýär. Tutuş ýylyň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Türkiýe müňýyllyklara uzaýan durmuşyň taryhyny açýar. 2024-nji ýylda alnyp barlan arheologik barlaglaryň möçberi 765-e ýetdi, 2026-njy ýyla çenli bolsa bu sanyň ýylda 800-e ýetirilmegine garaşylýar. Bu (geçen!) ýyly eýýäm Arheologiýanyň altyn asyry diýip atlandyrýarlar. Çünki Anatoliýanyň ähli ýerinde geçirilen barlaglar birnäçe ähmiýetli açyşlaryň üstünden eltdi.

Şolaryň içinde Kütahýada tapylan tapyndy iň möhüm ähmiýetlileriň biridir. Keramikadan taýýarlanylan silindr görnüşli 4000 ýyllyk möhür assiriýalylaryň söwda hökmürowanlygy döwründe Gündogar we Günbatar Anatoliýanyň arasynda täze söwda ýollarynyň bolandygyny subut etdi. Arheologlar Antaliýada minoý zamanasyna degişli mis bölekleriniň aşagynda saklanylan kümüş saply bürünç hanjary ýüze çykardylar. Munuň özi şol döwürdäki türk topragynyň ýerli halkynyň Minoý medeniýeti bilen aragatnaşygynyň bolandygyny tassyklaýar.

Deňizli diýen ýerde ahyrky grek eýýamynda nusgawy ýörelgeleriň gaýtadan janlanandygyny alamatlandyrýan Gigii hudaýynyň 2100 ýaşly kelle heýkeli tapyldy. Izmirde arheologlar bu sebitiň gadymy däpleriniň we mifologiýasynyň bolandygynyň möhüm subutnamasy bolan 7800 ýaşly şekili gazyp aldylar.

Muşa sebitinde Malazgirt atly taryhy söweşiň bolan ýerinde Seljuklylaryň, şeýle hem Rim imperiýasynyň goşunlarynyň ulanan 39 sany ýaý oky tapyldy. Imperator Roman IV Diogeniň keşbi şekillendirilen teňňeler bu tapyndylaryň üstüni ýetirýär. Antaliýadaky gadymy Mira şäheriniň oturymly ýerinde gadymy usul bolan erän aýnany üflemek arkaly taýýarlanylan “Millefiori” diýlip at berlen sungatyň panelleri ýüze çykaryldy. Bu şeýle serişdeleriň Türkiýäniň gadymy topraklarynda bolandygyny görkezýän ilkinji wakadyr.

Hataýda arheolog alymlar bürünç asyrynda patyşalaryň buýurmasy boýunça satyn alynmaly mebelleriň palçykdan ýasalan doskalara ýazylan sanawyny tapdylar. Munuň özi bürünç asyryna degişli Mukiş şalygyndaky mebel önümçiligine we onuň gülläp ösüş taryhyna has içgin düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu tapyndylar arheologiýanyň ojagy hökmünde Türkiýäniň möhüm orun eýeleýändigine we sebitiň baý taryhy mirasynyň bardygyna güwä geçýär.

2022