Türkmen dizaýneri Jennet Agaýewanyň önümleri italýan dizaýnerleriniň ünsüni çekýär

Türkmen dizaýneri Jennet Agaýewanyň önümleri italýan dizaýnerleriniň ünsüni çekýär
Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň görkezilişi, 2025-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Jennet Agaýewanyň “Instagram” sahypasy)

Türkmen dizaýneri we “Modalar öýüniň” ýolbaşçysy Jennet Agaýewa italýan moda işewürliginiň usullaryny öz işinde üstünlikli utgaşdyrmak bilen bu ugurdaky ussatlaryň jemgyýetinde eýeleýän ornuny barha berkidýär. Onuň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen gözden geçirilişde tanyşdyran lybaslar toplumy ýokary derejeli hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi hem-de Italiýanyň “Federmoda” jemgyýetiniň dizaýnerleriniň işleriniň üstüni ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi. 

2024-nji ýylda guralan moda görkezilişi Jennet Agaýewanyň durmuşynda aýgytlaýjy pursat boldy. Ol bu çärede agşamky lybaslaryň ajaýyp toplumyny görkezdi. Ýaş dizaýneriň zehini göze ilmän galmady – Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari hünär taýdan kämilleşmegi üçin onuň Italiýa saparynyň guralmagyna şahsy ýardamyny berdi. Bu sapar bolsa türkmen modelýeriniň halkara derejede tanalmagynda möhüm waka boldy. 

Ýokary takyklyk we ajaýyp sadalyk ýaly umumy estetik ýörelgeleriň esasynda türkmen hem-de italýan dizaýn mekdebiniň garaşylmadyk sazlaşygynyň ýüze çykarylandygy bellärliklidir. Türkmen halkynyň milli bezeg esbaplary – gülýakalar, goşar bilezikler döredijilik taýdan täzeçe pikirler esasynda italýan moda lybaslar toplumyna üstünlikli girizildi. 

Häzirki wagtda Jennet Agaýewa Çeperçilik akademiýadaky okuwyny “Modalar öýündäki” ýolbaşçylyk işi bilen utgaşdyrýar. Onuň işewürlik maksatlary milli däpleri häzirki zaman moda ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga esaslanýar. Munuň özi türkmen dizaýn sungatynyň halkara bazarda eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam edýär. 

2022