Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Azerbaýjanyň Milli lideriniň doglan gününiň 102 ýyllygy mynasybetli “Geýdar Aliýew – energetika diplomatiýasy: ýaşyl dünýä üçin raýdaşlyk” ady bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çärä diplomatlar, energetika ulgamynyň bilermenleri we halkara wekiller gatnaşdylar.
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow ýurduň häzirki zaman energetika syýasatynyň kemala gelmeginde Geýdar Aliýewiň goşan goşandy barada durup geçdi. Ol şeýle hem Baku-Tbilisi-Jeýhan we Baku-Supsa nebitgeçirijileri ýaly halkara taslamalaryň işe girizilmeginde G.Aliýewiň möhüm orun eýeländigini hem-de Azerbaýjanyň häzirki zaman “ýaşyl” strategiýasynyň binýadynda duran ýörelgelere – daşky gurşawy goramak we energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine beren ünsüniň möhüm ähmiýetini belledi.
Ilçi şeýle hem BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (СOP-29) Azerbaýjanda geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, ol 2024-nji ýylyň wajyp halkara ekologiýa çäreleriniň biri boldy. Ol şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyndaky milli başlangyçlar, şol sanda COP29 maslahatynda öňe sürlen 14 teklip hem-de Ýewropa arassa energiýa serişdelerini ibermäge gönükdirilen Transhazar “ýaşyl” energetika geçelgesi ýaly sebit taslamalary barada gürrüň berdi.
G.Gozalow şeýle hem Türki döwletleriň guramasy, SPECA we CAREC ýaly düzümleriň çäklerindäki sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmegini mübärekledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “ýaşyl” energetika ulgamynda ýurduň durmuşa geçirýän tagallalaryna hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň çykyşy maslahatda esasylaryň biri boldy. Ol energetika we ekologiýa durnuklylygy meselelerinde sebit hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem howa meseleleri bilen bagly diplomatiýada Azerbaýjanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi.
Ýokary derejeli wekiller we Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň ilçileri, BMG-niň hem-de hususy energetika kompaniýalarynyň wekiliýet agzalary çykyş edenleriň hatarynda boldy. Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň agzasy we ADA uniwersitetiniň prorektory wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Maslahata gatnaşyjylara gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda Azerbaýjanyň gazananlary we COP29 çäresinden möhüm pursatlar bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Çäre dabaraly günortanlyk nahary hem-de Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda medeni maksatnama bilen tamamlandy.