Türkmenistanyň žurnalistlerinden ybarat wekiliýet iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek maksady bilen guralýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Trabzon şäherindäki Keramatly Sofiýa ybdathanasyna baryp gördüler.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” internet neşirleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.
XIII asyrda Trapezund imperiýasynyň höküm süren zamanynda gurlan Keramatly Sofiýa ybdathanasy Gara deňziniň kenarýakasynda gurlan Wizantiýa ýadygärlikleriniň iň ajaýyplarynyň biridir. 1964-nji ýylda muzeýe öwrülen bu bina ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilendir. Onuň gaýtalanmajak binagärligi Wizantiýa däplerini ýerli gurluşyk usullary bilen özara utgaşdyrýar. Ybadathananyň içki bezeginde Injil sahnalaryny görkezýän XIII asyr suratlary saklanyp galypdyr.
Gezelenjiň dowamynda žurnalistler ybadathananyň taryhy hem-de onuň dürli taryhy döwürleri beýan edýän binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Ybadathana birnäçe özgertmeleri başdan geçiripdir: Trabzon XIII asyrda osmanlylar tarapyndan basylyp alnandan soň, ol ilki metjide, XX asyrda bolsa möhüm medeni merkez hökmünde muzeýe öwrülipdir.
Ybadathana bolan gezelençden soň, wekiliýet topary Ortamähelle diýen taryhy ýere ýola düşdüler. “Orta ýaşaýyş toplumy” diýlip hem tanalýan bu ýer osmanly döwrüniň şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. Ortamähellede şeýle hem Wizantiýa döwründen galan Keramatly Georgiýa ybadathanasy ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we dini däpleriň dürlüligini beýan edýän bu ybadathana sebitiň taryhy hem-de medeni mirasynyň möhüm ýadygärligi bolup durýar.