Aşgabadyň panbarhat fabrigi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl üçin ýörite “Atly panbarhat” atly mahsus mata çykardy. Onuň bezeginde ýylyň nyşany –ahalteke bedewi ýerleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň “Panbarhat” dükanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli nepis dokalan panbarhatlaryny türkmen zenanlaryna sowgatlyk hökmünde müşderilerine hödürleýär.
Habarda bellenilişi ýaly, işine ussat hünärmenler bu ýerde gadymy nagşyň nusgawy “Gadym goçak gülünden” başlap, ajaýyp “Pişme gülüne”, “Gaşly" matalary görkezip, müşderilere şu möwsümde haýsy nagyşlaryň has ýörgünlidigini aýdyp bilýärler.
Dükanyň işgärleriniň aýtmagyna görä, reňkleriň dürlüligine garamazdan, Türkmenistanda gyrmyzy we goýy gyzyl söýgüli reňkler bolmagynda galýar.
Aşgabadyň panbarhat fabrigi dürli görnüşli matalary we taýýar önümleri, şol sanda ajaýyp başatgyçlary, gyňaçdyr şarf öndürýär. Inçe süýümli ýüpegi gaýtadan işlemekden başlap, matanyň ýüzüne nagyş basmaga çenli tutuş önümçilik işi iň täze enjamlarda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi onlaýn satuwy işjeň ösdürýär, bu bolsa matalary saýlamak işini aňsatlaşdyrýar we döwre bap getirýär.






31368-90x604.jpeg)






