“Turkmentravel – 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi

“Turkmentravel – 2026” halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi
“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk maslahatynyň çäklerinde resminama gol çekilýär, 2026-njy ýylyň 15-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde çarşenbe güni B2B görnüşinde duşuşyklar geçirildi we onuň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

B2B görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Belarus Respublikasynyň “Belindtravel” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Krotow Aleksandr bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Aşgabatsyýahat” kärhanasynyň başlygy Durdyýew Ýagmyrgeldiýewiň arasynda, Gyrgyz Respublikasynyň “Gyrgyz üçmen gyz” syýahatçylyk kärhanasynyň baş direktory Fişer Buteşewa Bermet, şeýle hem Hytaý Söwda senagatynyň Çehiýa we Slowakiýa boýunça wekili Wang Li bilen aýratynlykda “Bagtyýar dostlar” hususy kärhanasynyň direktory Sadykow Ruslanyň arasynda resminamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, “Çar ýyldyz” hususy kärhanasynyň direktory Şamedowa Şirin Özbegistan Respublikasynyň “Zukhro Travel” syýahatçylyk kompaniýasynyň direktory Şeripow Umid hem-de “Fun Sun Travel” syýahatçylyk kärhanasynyň direktory Abdullaýew Bazarbaý bilen aýratynlykda resminamalary gol çekdiler.

“Hasyl Çeşmesi” hususy kärhanasynyň direktory Kiril Gorodnow “Edmiston” kompaniýasynyň direktory Paisli Martin Wilýam bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamany kabul etdiler.

Aşgabat şäherinde sişenbe güni öz işine başlan  “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 16-njy aprele çenli dowam eder. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022