“Bazetti” kofe markasy täze toplum bilen kofe önümçiligini giňeldýär

“Bazetti” kofe markasy täze toplum bilen kofe önümçiligini giňeldýär
“Bazetti” kofe markasynyň täze önümçilik toplumy

“Bazetti” kofe markasy “specialty coffee” medeniýetini ösdürmäge we önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmäge gönükdirilen ösüşiň täze tapgyryny ýola goýýar. Täze önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda 2 gektar meýdanda ýerleşip, ol dünýäniň ýokary hilli enjamlary we döwrebap hil gözegçilik barlaghanasy bilen üpjün ediler.

Täze önümçilikde kofeni gowurmak üçin ABŞ-da öndürilen “Loring Smart Roast” roaster enjamyny, şeýle hem Italiýanyň IMF öndürijisiniň senagat çözgütlerini ulanmagy meýilleşdirýär. Täze infrastruktura önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we önümleriň durnukly hilini üpjün etmäge ýardam eder.

“Bazetti” kofe hil gözegçiligine aýratyn ähmiýet berýär. Täze önümçilik toplumy, şol sanda barlaghanasy “Specialty Coffee Association” (SCA) standartlaryna laýyklykda gurlar. Bu bolsa kofeni gowurmagyň profiliniň takyklygyny, tagamyň durnuklylygyny we onuň her tapgyrynyň ýokary hil derejesini üpjün eder.

“Bazetti” kofesi saýlama kofe dänelerinden öndürilýär we az-azdan gowrulýar. Kofeni taýýarlamak üçin ýörite enjamda haýal gowurmak usuly kofäniň tagamyny we ys aýratynlyklaryny doly açmaga mümkinçilik berýär, şeýlelikde artykmaç ajylyk bolmazdan deňagramly tagam emele gelýär.

“Bazetti” kofe markasynyň täze önümçilik toplumyny ýola goýmagy kofe önümçiligini giňeltmäge we onuň halkara derejeli “specialty coffee” bazaryndaky ornuny berkitmäge ýardam berer. “Bazetti” täze toplumy işe girizmek bilen importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmeklige goşmaça itergi berer.

Mundan başga-da, “Bazetti” kofe markasynyň ýöriteleşdirilen kafeteriýalary bolup, bu ýerde myhmanlar “specialty coffee” medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşyp we markanyň önümleriniň hiline baha berip bilýärler. Häzirki wagtda bu tor alty kafeteriýany özünde birleşdirip, olaryň bäşi Aşgabatda, ýene biri bolsa Mary şäherinde ýerleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022