Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkiýäniň Söwda ministriniň orunbasary Ömer Wolkan Agar Aşgabatda geçirilen “Türkmentextile Expo 2026” halkara sergisine gatnaşyp, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde sergi meýdançalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Sergi 4–6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär we oňa Türkmenistan, Türkiýe, Hytaý, Hindistan, Özbegistan, Pakistan, Şweýsariýa, Germaniýa hem-de Italiýa ýaly ýurtlaryň dokma senagaty pudagynyň wekilleri gatnaşýar. Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz özüniň resmi X sahypasynda habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, “Türkmentextile Expo 2026” sergisi Türkiýäniň Söwda ministrligi tarapyndan goldanylýan sergileriň sanawyna girizildi. Ankarada bu çäräniň türk kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga hem-de dokma senagatynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýändigi bellenilýär.
Türkmenistan bilen Türkiýe özara haryt dolanyşygynyň möçberini ýakyn ýyllarda 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek ugrunda degişli işleri geçirmekligi dowam edýär. Sergi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmekde esasy gurallarynyň biri bolup durýandygy aýratyn nygtalýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolatyň gatnaşmagynda Türk eksport harytlarynyň 12-nji sergisi geçirildi. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Stambul şäherinde ilkinji gezek Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi guraldy.
Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Jewdet Ýylmaz we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet “Türkmentextile Expo 2026” sergisinde türk kompaniýalarynyň diwarlyklaryna baryp gördüler. Şondan soň Türkiýäniň wekilleri “Halk Hakydasy” ýadygärlik toplumyndaky “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Türkiýäniň Wise-prezidenti özlerine görkezilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.













