Türkmenistan bilen Eýranyň sungat işgärleri Nowruzy garşyladylar

Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan — Bajgyran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy — Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy.