“Kökçi” günde 350 akkumulýator öndürýär

“Kökçi” günde 350 akkumulýator öndürýär
Häzirki wagtda her gün akkumulýatorlaryň 350-ä golaýyny öndürýär.

Türkmenistanda hususy akkumulýator öndürijisi bolan “Kökçi” hojalyk jemgyýeti ýakynda kuwwatyny artdyrar. Häzirki wagtda her gün akkumulýatorlaryň 350-ä golaýyny öndürýän hojalyk jemgyýeti täze enjamlar toplumyny önümçilige girizmäge taýynlanýar. Enjamlar toplumy ornaşdyrylanyndan soňra, gündelik öndürilýän akkumulýatoryň sany 500-e çenli ýokarlanar.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynyň golaýynda hereket edýän “Kökçi” hojalyk jemgyýetinde 80 hünärmen zähmet çekýär.

Hojalyk jemgyýetiniň "Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren maglumatyna görä ýerli akkumulýatorlar, esasan, içerki bazara ýaýradylýar. Şeýle hem, bu önümler birnäçe gezek Owganystana eksport edildi. Bu ýerde öndürilýän akkumulýatorlar bilen germaniýaly, özbegistanly we arap işewürleri gyzyklanýarlar.

“Kökçi” hojalyk jemgyýetinde “Ýyldyrym”, “TM Power” haryt nyşanly akkumulýatorlar öndürilýär. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär. Ýagny “Kökçiniň” söwda nokatlaryndan ýeňil awtoulaglara-da, ýokary kuwwatlykly ýük ulaglaryna-da akkumulýator almaga mümkinçilik bar.

2022