Türkmen zenan dizaýnerleri milli nagyşly lybaslary ýeke-täk nusgada taýýarlaýar

Türkmen zenan dizaýnerleri milli nagyşly lybaslary ýeke-täk nusgada taýýarlaýar

Döwrebap zenan lybaslaryny hödürleýän “Mähirli Zenan” modeller öýi egin-eşiklerinde türkmen milli bezeg usullaryny ulanýar.

Milli eşikleri “Mähirli Zenan” brendi bilen tikýändiklerini aýdan modeller öýüniň wekili, her bir lybasy ýeke-täk nusgada taýýarlaýandyklaryny belledi. Bu önümler Aşgabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän dükanynda isleg bildirilýänlere ýetirilýär.

Modeller öýüniň hünärmenleri ilki bilen çyzgylary taýýarlap, şoňa görä-de matalary we reňkleri saýlaýarlar. Bu saýlanan matalara sazlanyp, türkmeniň gadymdan gelýän keşdeleri salynýar. Keşdeçiler we tikinçiler modeller öýüne degişlidir.

Wekilleriň bellemeklerine görä, daşary ýurtly raýatlar hem milli nagyşly lybaslary sargyt edýärler we asyrlaryň dowamynda saklanyp galan el işleri olara ýakymly täsir edýär.

“Mähirli Zenan” modeller öýi daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere, moda görkezilişlerine gatnaşyp, türkmen milli eşiklerini şol ýurtlarda tanatmagy maksat edinýär.

Modeller öýi 2019-njy ýylyň awgustynda esaslandyryldy.

2022