Özbegistanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda geçen hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary we olarda bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistandaky türkmen diasporasynyň wekilleri we Ilçihananyň hünärmenleri gatnaşdylar.