Türkmenistanda täze “Aşgabat” binalar toplumy açyldy

Türkmenistanda täze “Aşgabat” binalar toplumy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni paýtagtymyzda gurlan we sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu dabara hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow hem bar.

Taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edildi.

Täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bardyr.

Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen meýdançalar, oturgyçlar we çyralar bardyr.

Estakada görnüşinde gurlan ýol Aşgabadyň täze gözelligine alyp barýar. Ulag ýolunyň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeler ulanylyp, onda uly ýük göterijilik, ýurdumyz üçin häsiýetli bolan howa we geologiýa şertleri nazara alyndy. Estakada köprüsiniň uzynlygy 1320 metre, ini 18 metre barabardyr. Şeýle hem pyýadalar üçin ýodalar bar.

Umuman söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, gözellik salonlary, dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi ýerleşdirilendir.

Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr. 124 öýli jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Şeýle hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem bar. Bu ýerdäki käbir öýleriň meýdany 639 inedördül metrden gowrakdyr.

Habara görä, tutuş toplumyň gurluşy Rihteriň şkalasy boýunça 9,5 balla çenli bolan ýertitremelerinde saklanmaga ukyplydyr.

Ýurdumyzyň täze Söwda we dynç alyş merkezi Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşinden “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänama, “Docklands” (London) ylmy-barlag akademiýasyny tarapyndan “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna, Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň “Özboluşly dizaýn” güwänamasyna eýe boldy, şeýle-de Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022