“Eziz doganlar” Ahalda keramiki önümleri öndürýän zawod gurar

“Eziz doganlar” Ahalda keramiki önümleri öndürýän zawod gurar

“Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawod gurar. Bu baradaky degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda alnyp barlar.

Bellenilişi ýaly, zawod öňdebaryjy kompaniýalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Onuň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem, “Eziz doganlar” kompaniýasy zawoda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak bilen baglylykda, inžener-tehniki desgalarynyň, ýagny daşarky eltiji demir we awtomobil ýollarynyň, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlarynyň gurluşygy bilen meşgullanar.

Gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň dekabr aýynda başlanar we zawod 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly ulanmaga berler.

“Eziz doganlar” kompaniýasy mundan ozal “Döwletli-Döwran” HJ-nyň Lebapdaky keramika-bezeg önümlerini öndürýän kärhanasy we “Ýigit” HJ-nyň Ahaldaky 20 gektarlyk ýyladyşhana toplumy ýaly iri önümçilik desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrypdy.

2022