Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler geçirildi
Köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Aşgabatda duşenbe güni Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň düzüm bölümlerinde, edaralarda hem-de guramalarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, sowgatlar dürli ýaşdaky zenanlara, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.

Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli taýýarlanylan baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sahnalarynda, konsert meýdançalarynda aýdym-sazly çykyşlara beslenip, giňden ýaýbaňlandyrylýar.

2022