Ýewropada alnan diplomlar Türkmenistanda ykrar ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropada alnan diplomlar Türkmenistanda ykrar ediler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Buýrukdan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa sebitinde alnan ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Bu resminama Türkmenistanyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem Bilim ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Buýrukdan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Türkmenistan bu Konwensiýa 2022-nji ýylyň noýabr aýynda goşuldy. Türkmenistanyň bu Konwensiýa goşulmagy bilen Ýewropa sebitinde bilim alan uçurymlar milli bilim ulgamynyň çäginde ylmy işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmäge mümkinçilik gazandylar.

2022