Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa (“Lisbon Recognition Convention”) ýokary bilim diplomlarynyň we şahadatnamalarynyň agza döwletleriň arasynda ykrar edilmegini we özara kabul edilmegini maksat edinýär. 1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen bu Konwensiýa ÝUNESKO bilen bilelikde işlenilip düzülen Ýewropa Geňeşiniň halkara şertnamasydyr. Konwensiýanyň döwletler üçin birnäçe artykmaçlygy bar:
Işçi güýji hereketi: Konwensiýa agza döwletleriň arasynda ýokary bilim derejesini ykrar etmek arkaly işçi güýji hereketini ýeňilleşdirýär. Şeýle hem, iş berijilere iş gözleýänleriň hünär aýratynlykary bilen ýakyndan tanşyp, özleri üçin has oňaýly dalaşgärleri saýlamaklaryny, ýokary bilim diplomynyň eýelerine bolsa öz hünärleri boýunça iş tapmaklaryny aňsatlaşdyrýar.
Bilim mümkinçilikleri: Konwensiýa agza ýurtlardaky talyplaryň bilim mümkinçiliklerini artdyrýar. Başga bir ýurtda okap öz ýurtlaryna gaýdyp gelenlerinde, diplomlarynyň ykrar edilmegi bilen uçurymlara has köp iş mümkinçiligi döräp biler.
Bu Konwensiýa arkaly ýokary okuw mekdepleri üçin hem halkara derejesinde has giňden tanalmak mümkinçiligi döräp biler. Bu bolsa dünýädäki uniwersitetleriň abraýlarynyň ýokarlanmagyna we olarda daşary ýurtly talyplaryň sanynyň köpelmegine sebäp bolar.
Mundan başga-da, agza döwletleriň arasynda ýokary bilim derejesini özara ykrar etmek arkaly talyplaryň alýan biliminiň hili ýokarlandyrylyp bilner. Şeýle hem, ýokary okuw jaýlarynyň bilim bermek boýunça ülňülerini ýokarlandyrmaklaryna itergi berer.
Konwensiýa agza döwletleriň arasynda medeni we akademiki alyş-çalyşlary ösdürmäge hem kömek edýär. Beýleki ýurtlarda okamak bilen, talyplar täze medeniýetler bilen tanşyp, halkara talyplar jemgyýetinde özlerine orun tapyp bilerler. Bu bolsa öz gezeginde medeni düşünişmegiň ýokarlanmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň we dialogyň ösmegine goşant goşup biler.
Jemläp aýdylanda, Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa işçi güýji hereketini ýeňilleşdirýär, bilim mümkinçiliklerini hem-de ýokary okuw mekdepleriniň abraýlaryny ýokarlandyrýar, ýokary bilim derejeleriniň ykrar edilmegini we özara kabul edilmegini öňe sürmek arkaly agza döwletleriň arasynda medeni we akademiki alyş-çalşy ösdürýär.
Türkmenistan bu Konwensiýa 2022-nji ýylyň noýabr aýynda goşuldy. Türkmenistanyň bu Konwensiýa goşulmagy bilen Ýewropa sebitinde bilim alan uçurymlar milli bilim ulgamynyň çäginde ylmy işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmäge mümkinçilik gazandylar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty