Goturdepe käninde burawlanan guýudan täze nebit akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Goturdepe käninde burawlanan guýudan täze nebit akymy alyndy
Burawlanan № 392 belgili guýusynda “gara altynyň” kuwwatly akymy 4 müň 740 metr çuňlukdan alyndy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Goturdepe” buraw işleri müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýakynda demirgazyk Goturdepe käninde burawlanan № 392 belgili guýusyndan kuwwatly nebit akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde “gara altynyň” kuwwatly akymy 4 müň 740 metr çuňlukdan alyndy. Ulanyşa girizilen guýynyň debiti günde 57 tonnadan gowrakdyr.

Bu guýynyň buraw işleri “Ýugneftegaz” ukrain kompaniýasy bilen şertnamanyň esasynda döwrebap buraw enjamlary arkaly geçirilip, onuň ulanyş möhleti 15-20 ýyla barabar bolar.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda “Goturdepe” buraw işleri müdirligi dag magdanlaryny burawlamak boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip, umumylykda 17 müň 550 metr burawlady. Şol bir wagtda burawlanan bäş sany guýynyň üçüsi senagat guýusy bolup durýar.

Häzirki wagtda Goturdepe meýdançasyndan alynýan nebit çig maly “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çykarylýan “gara altynyň” jeminiň üçden birine barabardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022