Aşgabatly telekeçi aýna süýüminden armaturanyň we toruň önümçiligini ýola goýdy

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Aşgabatly telekeçi aýna süýüminden armaturanyň we toruň önümçiligini ýola goýdy
Kompozit armatura dürli howa şertlerine çydamlylygy we poslamaýanlygy bilen tapawutlanyp, ol howanyň temperaturasynyň -70 derejesinden +200 derejesine çenli çydamlydyr.

Aşgabatly telekeçi Allamyrat Allaberdiýew “Turan Ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda täze innowasiýa önümleriniň ýagny, aýna süýüminden armaturanyň (kompozit armatura) we toruň önümçiligini ýola goýdy. 

Kompaniýanyň hünärmeniniň ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, önümler daşary ýurtlaryň ýokary hilli çig malyndan öndürilýär.

Bu gurluşyk önümleri metal armaturalaryň we torlaryň ornuny tutmak bilen bir hatarda ýokary kuwwaty we poslama garşy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu önümler beton gurluşlary berkitmek üçin dünýäniň köp ýurtlarynda gurluşyk, durky täzeleme, binalaryň içki we daşky bezegi, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmakda giňden ulanylýar.

Bu kärhana 4 millimetrden 24 millimetre çenli göwrümi bolan dürli ululykdaky kompozit armaturany we diametri 2 millimetrden 5 millimetre çenli hem-de öýjükleriniň ululygy 5-de 25 santimetre deň bolan aýna süýümli tory öndürýär. Kärhananyň kuwwaty her gün 5 müňden 7 müň metre çenli armatura we 1 müň inedördül metr tor öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kompozit armatura dürli howa şertlerine çydamlylygy we poslamaýanlygy bilen tapawutlanyp, ol howanyň temperaturasynyň -70 derejesinden +200 derejesine çenli çydamlydyr. Şeýle hem kompozit armatura deň göwrümi bolan polat armaturadan 2,5-3 esse güýçlidir.

Mundan başga-da, kompozit armaturanyň agramy polat armaturanyň agramyndan 5 esse ýeňildir. Bu bolsa gurulýan desganyň ýa-da konstruksiýanyň düýbüne düşýän agramy azaldýar. Bu önümiň berkligini ýitirmezden hyzmat ediş möhleti azyndan 80 ýyl hasaplanýar. Şeýle hem bu önüm ekologiýa taýdan arassa bolup, ol zyýanly we zäherli maddalary bölüp çykarmaýar.

Kompozit armatura we aýna süýümli tor adaty metal armaturadan we tordan has elýeterlidir. Ýerli we daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary ýokary hili bilen tapawutlanýan bu önümlere uly gyzyklanma bildirýärler we alyp barýan taslamalarynda giňden ulanýarlar. 

Aşgabatly telekeçi daşary ýurtly müşderileriň artýan gyzyklanmalaryny göz öňüne tutup, harydy Türkmenistanyň serhediniň islendik gümrük nokadyna (DAP) we Türkmenbaşy portuna çenli eltip bermek hem-de harydy öndürilýän ýerinde (FOB) müşderä gowşurmak hyzmatyny hödürleýär.

Öndüriji bilen habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon belgileri:

+993 65 60-88-02;

+993 62 97-54-40

Elektron salgysy: turkmenkompozit@gmail.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022