Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Batyr Rawşanowa degişli ýyladyşhanalarda her gün ýertudananyň 1 tonna golaýy ýygnalýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Telekeçi Batyr Rawşanow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 4,2 gektar ýerde ýokary hasyl berijilik häsiýetine eýe bolan “Albion” görnüşli ýertudanalary ýetişdirýär. Bu ýertudana görnüşi öwüşginli gyzyl reňkde, eti açyk gülgüne we şireli bolmak bilen, özboluşly süýjümtik ysy arkaly islendik adamy özüne çekýär.
Dört bölekden ybarat bolan bu ýyladyşhanada tejribeli hünärmenleriň 120-ä golaýy zähmet çekýär. Bu ýyladyşhananyň dört bölekden ybarat bolmagy ýylyň ähli paslynda bu ösümlikden hasyl alyp, söwda nokatlaryna ugratmaga mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň degişli hünärmenleri bu önümiň uly mukdaryny goňşy döwletlere eksport etmek boýunça degişli işleri geçirýärler. Şeýlelikde, ýakyn günlerde ýertudanalaryň Gazagystana we Özbegistana ugradylyp başlanmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda ýyladyşhana işgärleri öň daşary döwletlerden getirilen ýertudana şitilleriniň 800 müňe golaýyny ýerli şertlerimizde ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri alyp barýarlar.