“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Mary welaýat gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze, döwrebap binasy gurlar.
Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Mary welaýat gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze, döwrebap binasyny gurmak hem-de ony zerur synag enjamlary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurduň Ýokary kazyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň, Bereket etrap kazyýetiniň hem-de Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň täze edara binalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.