Türkmenistanyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 104,9%-e deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 104,9%-e deň boldy
Hasabat döwründe Türkmenistan boýunça gök önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini 127,7 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow şu ýylyň bäş aýynda obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,9 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow hasabat döwründe Türkmenistan boýunça gök önümleriň öndürilişiniň ösüş depgininiň 127,7 göterime, ýeralmanyň önümçiliginiň ösüş depgininiň 104 göterime, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişiniň ösüş depgininiň 103,7 göterime, bugdaý ununyň öndürilişiniň ösüş depgininiň bolsa 100,9 göterime, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň bolsa 283,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň ykdysadyýetindäki möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de pudagyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de maksadalaýyk çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu günler dowam edýän galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022