Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Gyzylarbat etrabyndaky “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanyna baryp gördi we bu ýerde kärhananyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. “Batly-Gadam” kärhanasynyň daýhany 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet Baştutany kärendeçiniň haýyşy boýunça daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew we “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen gürrüňdeş boldy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi we bu ýerde gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy.

2022