Türkmenistanyň Prezidenti “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzminiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 15-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Iwan Kuzminiň Türkmenistana şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Iwan Kuzmin öz gezeginde obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady.

Şeýle hem GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin Türkmenistanda öndürilýän gallany, onuň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda tohumçylyk, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ulgamynda geljekki bilelikdäki işiň maksatnamasy kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022