Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni degişli Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Bu resminama Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýle hem Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Döwlet habarlar agentligine açylyş dabarasyny geçirmek we “akylly” şäher konsepsiýasy bilen bagly Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desganyň bina edilendigini aýtdy.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.